Top.Mail.Ru

Türkmenistanda «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy

15:1016.03.2022
0
2131

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen döredilen «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň ilkinji sany çapdan çykdy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň edebi-çeper, ylmy-populýar žurnalynyň ilkinji sany Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Jan Watanym Türkmenistan!», «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly goşgulary bilen açylýar. Onuň başky sahypasynda redaksiýanyň döredijilik toparynyň türkmen Liderine minnetdarlyk haty ýerleşdirilipdir.

Žurnalyň ilkinji sanynda ýerleşdirilen «Türkmen dutary — parahatçylygyň nyşany» atly makalada ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen dutary barada gürrüň berilýär. «Ruhy binýat» atly makalada bolsa türkmen Lideriniň ýurtda medeniýet we sungat ulgamyny ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri barada söhbet edilýär.

Žurnalyň sahypalarynda «Asyrlaryň jümmüşindäki yzlar», «Tüýdükçi», «Millilige ýugrulan eser», «Sungata siňen ömür», «Dünýäniň durky ene», «Parlak ýyldyz», «Nowruz geldi Diýara», «Sanly ulgam — döwrüň talaby», «Aýazbabanyň başdan geçirenleri» atly makalalar owadan suratlar bilen ýerleşdirilipdir.

Žurnalda ýerleşdirilen makalalar ýurtda medeniýet ulgamyny, şeýle-de syýahatçylygy ösdürmekde durmuşa geçirilýän işleriň barha artýandygy barada giňişleýin söhbet edilýär. «Köw-ata», «Owadan-syýahat» ösüş ýolunda», «Türkmen — Arap syýahatçylyk gatnaşyklary» ýaly makalalar hem okyjylarda uly gyzyklanma döreder.

Ýadyňyzda bolsa, 2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda wise-premýer M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler hem-de «Medeniýet we syýahat» žurnalyny döretmek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat beripdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýeriň hasabatyny diňläp, türkmen taryhyna hem-de medeniýetine, häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine, syýahatçylyk mümkinçiliklerine uly gyzyklanma bildirýänler üçin niýetlenen «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň döredilmeginiň örän wajypdygyny belläp, täze neşiriň, ilkinji nobatda bolsa, onda çap edilýän makalalaryň ýokary hilini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, «Medeniýet we syýahat» žurnalyny döretmek hakynda» Karara gol çekipdi.

Türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilen bu žurnal, köpöwüşginli medeniýetiň, sungatyň, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen dünýä halklaryny giňden tanyş eder. Üç aýda bir gezek neşir edilýän «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň ilkinji sanyny turkmenmetbugat.gov.tm web saýtynyň žurnallar bölüminden ýükläp alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň