Şu gün irden «Türkmenistan» awiakompaniýasy «Boeing 777-200 LR» uçary bilen Warşawa — Türkmenbaşy ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Onda türkmen raýatlary Polşadan we goňşy ýurtlardan öz watanyna getirildi.
Warşawa Frederik Şopena halkara howa menziliniň onlaýn tablosynda habar berlişi ýaly, uçar ýerli wagt bilen 13-nji martda 21:19-da Türkmenbaşa tarap ugur aldy.
Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli Türkmenistan dünýäniň birnäçe ýurtlary bilen 2020-nji ýylyň mart aýyndan bäri yzygiderli howa gatnawlaryny togtadandygyny bellemek gerek.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) talaplaryna laýyklykda, Warşawadan ýörite uçar gatnawy bilen getirilen türkmen raýatlary karantin çärelerini berjaý ederler.
Belläp geçsek, Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryny ýurda getirmek boýunça degişli işleri alyp barýar. Raýatlary ýurtda getirmek Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň kömegi bilen tölegsiz amala aşyrylýar.
Mundan ozal, Türkmenistanyň hökümeti Russiýadan, Belarusdan, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Hindistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, BAE-den, Ukrainadan, Özbegistandan we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlary ýurda getirmek boýunça ýörite uçuşlary amala aşyrdy.
Belläp geçsek, şu ýylyň 10-njy martynda Türkmenistan Rumyniýadan 282 raýatyny ýörite uçar bilen ýurda alyp geldi.