Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasatynyň ministrliginiň Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Sähetmyradowa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň 4-nji jaýynyň birinji gatynda ýerleşýän üç otagly 149 inedördül metr ölçegi bolan 24-nji öýi sowgat berildi. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Şeýle hem Meretguly Sähetmyradow hem-de onuň şägirdi türkmen agyr atletikaçysy, 2018-nji ýylyň dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldular.