Turkmenportal logo
10.03.21
3884538845
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Ýulduz Jumabaýewanyň tälimçisini üç otagly ýaşaýyş jaýy bilen sylaglady

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasatynyň ministrliginiň Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Meretguly Sähetmyradowa sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýeleýän türgenleri taýýarlandygyny göz öňünde tutup, Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherjiginiň 4-nji jaýynyň birinji gatynda ýerleşýän üç otagly 149 inedördül metr ölçegi bolan 24-nji öýi sowgat berildi. Degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.


Şeýle hem Meretguly Sähetmyradow hem-de onuň şägirdi türkmen agyr atletikaçysy, 2018-nji ýylyň dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna mynasyp boldular.