Türkmenistan dünýädäki milli markalaryň iň gowularynyň 100-ligine girdi

14:5416.11.2020
0
13236

Türkmenistan dünýädäki milli markalaryň iň gowy 100 (TOP-100) reýtingine girdi. «Brand Finans»-yň maglumatlaryna görä,  milli markalar boýunça reýtingde ýokary derejä eýe bolmak, 2020-nji ýylda jemi içerki önümiň görkezijilerini, maýa goýumlary we syýahatçylygy özüne çekmegi, syýasaty we söwda düzgünlerini, sosial düşünjeleri öz içine alýar. Bu barada «SNG: TODAY» habar berýär.

Iňlis halkara konsalting kompaniýasy bolan «Brand Finans»-yň (audit we marka baha bermekde ýöriteleşen)  reýtinginde Türkmenistan dünýä boýunça 81-nji ýerde durýar. Kompaniýa golaýda 2020-nji ýylyň 100 milli markasynyň täze reýtingini neşir etdi.

Kompaniýa halkara guramalary tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan hökümet statistikasynyň we gözleg netijeleriniň utgaşmasyna esaslanýar. Şeýle-de Derňew-dolandyryş ösüş instituty we Bütindünýä ykdysady forumy bilen bilelikde iş alyp barýar.  Deňeşdirilen gözlegiň netijelerine esaslanyp, herdöwlete AAA-dan (güýçli milli marka) DDD-e (milli marka ýok) baha berilýär. Bu harp kategoriýalary marka indeksini düzýär.

Kompaniýanyň belleýşi ýaly, şu ýyl dünýädäki iň gymmat 100 markanyň bahasy koronawirus pandemiýasy sebäpli birden 13,1 trillion dollar azaldy, emma muňa garamazdan, şeýle şertlerde ösüş depginini saklap galmak käbir döwletlere başartdy.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň