Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýlip yglan edildi

17:2029.10.2020
0
32697

«Gallup» halkara gözleg institutynyň çap edilen maglumatlaryna görä, Türkmenistan we Singapur dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýlip yglan edildi. Bu ýurtlar 100-den 97 utuk gazanyp, birinji ýeri eýeledi.

Sanawda 94 utuk bilen Hytaý üçinji orun eýeleýär. 

TOP-10-da Islandiýa we Kuweýt hem bar, olaryň  hersi 93 utuk toplady. Mundan başga-da, Özbegistan, Norwegiýa, Awstriýa, Şweýsariýa we Birleşen Arap Emirlikleri bilelikde 92 utuk aldy.

Bu reýtingiň raýatlaryň polisiýa bolan ynamyna, şahsy howpsuzlyk duýgusyna we jenaýat statistikasyna esaslanýandygyny bellemek möhümdir.

Iň pes utuk Owganystana we Gabona degişli boldy.

Merkezi Aziýa ýurtlary, aýratyn-da Türkmenistan Owganystanyň dünýä arenasyndaky ornuny gowulandyrmak we berkitmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Mysal üçin, Türkmenistan günorta goňşusyna ynsanperwer kömegini yzygiderli iberýär, Owganystandaky parahatçylyk gepleşiklere araçylyk edýär, energiýa pudagyny ösdürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň