Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2020, 23-nji tapgyr: paýtagt derbisinde «Aşgabat», Mary derbisinde «Merw» ýeňiji

23:4403.11.2020
0
3643

3-nji noýabrda “Merw” – “Energetik” hem-de “Köpetdag” – “Aşgabat” toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen  ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 23-nji tapgyryna badalga berildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Köpetdag” “Aşgabady” kabul etdi. Bu duşuşykda netijeli oýnan myhmanlar üstünliklerini baýram etdiler – 0:1. Mary welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň arasyndaky duşuşykda “Merw” myhmançylykda “Energetikden” 2:0 hasabynda üstün çykdy.

23-nji tapgyryň jemleýji duşuşyklary 4-nji noýabrda geçirilip, onda “Ahal” – “Altyn Asyr” hem-de “Şagadam” – “Nebitçi” toparlary duşuşarlar.

 

23-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

 “Köpetdag” – “Aşgabat” – 0:1

Gollar: 90 Nazar Towakelow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 51 Şiri Annaýew, 78 Ybragim Mamedow (“Köpetdag”) – 16 Şatlyk Gurbanow, 29 Döwran Hojamämmedow, 43 Dawid Sarkisow (tälimçi), 45 Nazar Towakelow, 70 Azat Rahmanow, 87 Myrat Amantaganow, 90+2 Orazberdi Myradow (“Aşgabat”)

Meýdandan çykarylan: 44 Dawid Sarkisow, tälimçi (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)

Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)

 

 “Energetik” – “Merw” – 0:2

Gollar: 5 Pirmyrat Gazakow, 68 Perman Hallyýew (“Merw”)

Duýduryşlar: 20 Merdan Paltaýew, 55 Begli Meredow, 85 Rahmet Şermetow (“Energetik”) – 72 Azatmuhammet Hojamuhammedow (“Merw”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)

Kömekçi eminler:, E.Annamyradow (Balkanabat ş.), M.Saparow (Mary ş.)

Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)

Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)

 

Çempionatyň tablisasy XXIII tapgyrdan soň:

T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

“ALTYN ASYR” FK

22

17

4

1

60-16

55

2.

“AHAL” FK

21

14

4

3

41-15

46

3.

“ŞAGADAM” FK

22

9

7

6

31-21

34

4.

“KÖPETDAG” FK

23

9

7

7

26-19

34

5.

“AŞGABAT” FK

22

7

5

10

23-38

26

6.

“MERW” FK

22

7

2

13

24-37

23

7.

“NEBITÇI” FK

22

6

2

14

21-46

20

8.

“ENERGETIK” FK

22

2

3

17

17-51

9

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň