3-nji noýabrda “Merw” – “Energetik” hem-de “Köpetdag” – “Aşgabat” toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň 23-nji tapgyryna badalga berildi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Köpetdag” “Aşgabady” kabul etdi. Bu duşuşykda netijeli oýnan myhmanlar üstünliklerini baýram etdiler – 0:1. Mary welaýatyna wekilçilik edýän toparlaryň arasyndaky duşuşykda “Merw” myhmançylykda “Energetikden” 2:0 hasabynda üstün çykdy.
23-nji tapgyryň jemleýji duşuşyklary 4-nji noýabrda geçirilip, onda “Ahal” – “Altyn Asyr” hem-de “Şagadam” – “Nebitçi” toparlary duşuşarlar.
23-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:
“Köpetdag” – “Aşgabat” – 0:1
Gollar: 90 Nazar Towakelow (“Aşgabat”)
Duýduryşlar: 51 Şiri Annaýew, 78 Ybragim Mamedow (“Köpetdag”) – 16 Şatlyk Gurbanow, 29 Döwran Hojamämmedow, 43 Dawid Sarkisow (tälimçi), 45 Nazar Towakelow, 70 Azat Rahmanow, 87 Myrat Amantaganow, 90+2 Orazberdi Myradow (“Aşgabat”)
Meýdandan çykarylan: 44 Dawid Sarkisow, tälimçi (“Aşgabat”)
Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.), B.Atdyýew (Tejen ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)
“Energetik” – “Merw” – 0:2
Gollar: 5 Pirmyrat Gazakow, 68 Perman Hallyýew (“Merw”)
Duýduryşlar: 20 Merdan Paltaýew, 55 Begli Meredow, 85 Rahmet Şermetow (“Energetik”) – 72 Azatmuhammet Hojamuhammedow (“Merw”)
Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)
Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler:, E.Annamyradow (Balkanabat ş.), M.Saparow (Mary ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Şanazarow (Ýolöten ş.)
Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)
Çempionatyň tablisasy XXIII tapgyrdan soň:
| T/b | Toparlar | O | Ý | D | U | T | U |
| 1. | “ALTYN ASYR” FK | 22 | 17 | 4 | 1 | 60-16 | 55 |
| 2. | “AHAL” FK | 21 | 14 | 4 | 3 | 41-15 | 46 |
| 3. | “ŞAGADAM” FK | 22 | 9 | 7 | 6 | 31-21 | 34 |
| 4. | “KÖPETDAG” FK | 23 | 9 | 7 | 7 | 26-19 | 34 |
| 5. | “AŞGABAT” FK | 22 | 7 | 5 | 10 | 23-38 | 26 |
| 6. | “MERW” FK | 22 | 7 | 2 | 13 | 24-37 | 23 |
| 7. | “NEBITÇI” FK | 22 | 6 | 2 | 14 | 21-46 | 20 |
| 8. | “ENERGETIK” FK | 22 | 2 | 3 | 17 | 17-51 | 9 |

