Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgal kompýuter» «Dahua» kompaniýasynyň kämil gulplaryny hödürleýär

18:0607.10.2020
0
12415

«Dahua Technology» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili bolan «Rysgal kompýuter» öz müşderilerine täzeden täze, kämilden kämil tehnologik enjamlary hödürlemegi dowam edýär. «Rysgal kompýuteriň» nobatdaky täzeligi gapy gulplary bilen bagly.

Adatça, gapynyň tutawajy we gulpy bir toplumyň içinde satylýar. Bu däp «Dahuanyň» täze tehnologik gurluşynda hem saklanyp galypdyr. Ýöne täze hödürlenilýän gulp has kämil. Onda gapyny ýörite gizlin söz — kod, karta, barmak yzy we açar bilen açyp-gulplamak mümkinçilikleri bar. «Rysgal kompýuteriň» ýakynda getiren domofonlary ýaly, täze gulplar hem dört buýrugy amal edip bilýär.

Ony kod, karta we barmak yzy bilen dolandyrmak hyzmatlary toguň güýji bilen işleýär. Öýde tok bolmadyk ýagdaýynda gapyny ýörite açary bilen açyp hem-de gulplap bolýar. Ýene bir aýratynlyk: gulpuň kodly böleginiň tutawajyň ýüzünde ýerleşýänligidir. Bölüme girmek üçin tutawajy ýeňiljek süpürmek ýeterlik. Ýörite gurluşda kod ýazylýan bölüm ýüze çykýar, soňra gizlin kody girizip gapyny açaýmaly.

«Rysgal kompýuter» şeýle baý mümkinçilikleri bolan gulplary ilkinji gezek hödürleýär. Olaryň müşderileriň ösen isleglerine laýyk geljekdigini kepillendirýär. Gulplar «Rysgal kompýuteriň» hünärmenleri tarapyndan gurnalyp berilýär.

«Dahua Technology» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi dileri — «Rysgal kompýuter» bilen habarlaşmak üçin:

Salgysy: Aşgabat şäheri, «Rysgal bank» binasynyň «B» blogy, 3-nji gat, 306-njy dükan.

Telefon belgileri:

+993 12 96-49-39 (29)

+993 62 90-61-90

+993 61 41-91-61.

E-mail: rysgalcomputer@gmail.com.

Şeýle hem:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň