Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgal kompýuter» has kämil «Dahua» domofonlaryny hödürleýär

10:2303.10.2020
0
9841

Adatça, köp gatly jaýlaryň daşky giriş gapysyna oturdylan domofonlar düwmeler arkaly dolandyrylýar. Daşardan gelseň, düwmä gizlin sözi girizmeli ýa-da öýdäkileriň birini çagyrmaly. Ýöne mundan beýläk olary dört ýol bilen dolandyrmaga mümkinçilik bar. Bu mümkinçilikler has ygtybarly, olary özbaşdak dolandyryp bolar.

Şeýle hyzmatlary «Rysgal kompýuter» hödürleýär. Hytaýyň «Dahua Technology» kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi wekili bolan «Rysgal kompýuter» müşderilere täze domofonlary hödürleýär. Täze tapgyryň ozalkylardan aýratynlygy olary dört ýol bilen dolandyryp bolýanlygydyr.

Bu — nähili ýollar? Birinjisi, domofonda barmak yzyňy galdyryp, geljekde ony şonuň kömegi bilen dolandyryp bolýar. Ikinjisi ony ýörite karta bilen dolandyrmakdyr. Öýe girjek wagtyň domofonyň bellenen ýerine kartany görkezmek ýeterlik. Üçünjiden, täze domofonlar adamlaryň ýüzüni tanamaga ukyply. Dördünjiden bolsa belli bir gizlin sözi — kody ulanyp, ony dolandyryp bolýar. «Rysgal kompýuter» tarapyndan täze hödürlenilýän domofonlarda şu dört ukybyň ählisi hem bar. 

Domofonlary satyn alanyňyzda, «Rysgal kompýuteriň» hünärmenleri jaýyň ähli ýaşaýjylarynyň maglumatlaryny (barmak yzlaryny, ýüz keşbini, koduny, kartynyň belgisini) domofonyň ýadyna girizip berýär.

«Rysgal kompýuter» müşderilerini ýygy-ýygydan ýakymly täzelikler bilen begendirip durýar. Sentýabr aýynda gurnamak hyzmatlaryny mugt amala aşyran «Rysgal kompýuteriň» ýakynda 10 sany gözegçilik kamerasyny satyn alana 11-nji kamerany mugt berjekdigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň