Soňky habarlar

Arhiw

Öýdäki ilkinji kömek gutusynda nämeler bolmaly

1
32520

Keseliň alamatlary ýüze çykanda ýa-da öýde adaty şikesler alnanda  öýdäki ilkinji kömek gutusy tiz kömek bolup durýar. Eliňiz kesilende ýa-da gyzgyna bişende, başga-da islendik kynçylykly ýagdaýda ilkinji lukmaçylyk kömegi gerek. Eýsem, öýdäki ilkinji kömek gutusynda nämeler bolmaly? 

Ilki bilen ilkinji kömek gutusyny tozandan we hapadan goramak üçin şkafyň içinde gury ýerde saklamaly. Soňra bolsa zerur bolan zatlary ýygnamaly, has takygy: 

• Saramak üçin materiallar: pagta, bint, hasa, plastyr, elastik bint we ellik. Bu zatlar islendik ýarany bejermek üçin gerekli bolup, olaryň ilkinji kömek gutusynda bolmagy zerur. 

• Lukmançylyk enjamlary. Iň sagdyn adamyň hem termometri we tonometri bolmaly. Sebäbi beden gyzgynlygynyň (temperaturasynyň) ýa-da gan basyşynyň üýtgemegi her bir adamda bolup bilýär. Hut şu lukmançylyk enjamalarynyň görkezmeleri esasynda hem bejergi alynýar. 

Agyry kesiji we gyzgynlygy kadalaşdyryjy serişdeler. Bu derman serişdelerini ulanmazdan öň olaryň görkezmeleri bilen hökmany suratda tanyşmaly. 

Antiseptikleri  ýaralary bejermekden başga-da ençeme maksatlar üçin ulanyp bolýar. Mysal üçin olaryň kömegi bilen stoluň we suwuk jisimleriň ýüzüni, başga-da dürli görnüşdäki ençeme zatlary dizinfeksiýa etmek mümkin. 

Ýarany bejermek üçin serişdeler. Bedeniňiziň bir ýeri kiçiräk kesilse ýa-da ýansa, başga-da uly bolmadyk şikes ýetse bu serişdeler ulanylýar. 

Dümew we sowuklama garşy derman serişdeleri. Hiç kim wirus ýokaşmasyndan goragly däldir. Şonuň üçin bu derman serişdeleriniň hem ilkinji kömek gutusynda bolmagy zerur. Lukmançylyk şemleri bolsa, öz peýdalylygyny ýitirmezligi üçin sowadyjyda saklanylmaly. 

Antigistamin derman serişdeleri allergiýa we ýiti respirator ýokanjyna garşy göreşmekde peýdaly bolup durýarlar. Şeýle-de bu serişdeler gijelewükden we mör-möjekleriň çakmagy sebäpli bedende ýüze çykýan ýaralary bejermäge hem kömek edýärler (eger melhem mör-möjegiň çakan ýerine çalynsa). 

Sorbetnleri ýakymsyz bir zat iýeniňizde ýa-da içegäňize sowuklama degen halatynda ulanyp bilersiňiz.

Gipertoniýa derman serişdeleri. Gipertoniýa örän ýaýbaň kesel bolup, oňa garşy täsirli derman serişdeleriniň bolmagy zerurdyr. Dermany satyn almazdan öň, hökmany suratda gipertoniýa keseliniň alamatlaryny öwreniň we lukman bilen maslahatlaşyň! 

Wagtal-wagtal ilkinji kömek gutusyndaky dermanlary barlap durmak, derman serişdeleriniň düzümini düşündirýän kagyzjygy saklamak, şeýle-de serişdeleriň ýaramlylyk möhleti geçenlerini aýyrmak örän möhümdir. 

Gerek bolan ähli derman serişdelerini “Boý Bodron” dermanhanasyndan satyn almak mümkindir. Bu ýerde derman serişdeleriniň görnüşleri yzygiderli artyp, lukmançylyk serişdeleriniň hem ençeme görnüşileri bar. Beýleki hyzmatlar bilen bir hatarda kärhanada, haryt satyn alnanda we hyzmatlardan peýdalanylanda müşderiler üçin amatly bolan höweslendiriji ulgamy hem hereket edýär. “Boý Bodron” dermanhanasynyň öz müşderilerine hödürleýän goýum kartyny muňa mysal getirseň  bolar. 

Müşderilere amatlyk döretmek maksady bilen “Boý Bodron” kärhanasy özüniň 3 dilde hereket edýän websaýtyny döretdi. Websaýtyň ulanyjylary dermanhanada özlerine gerek bolan derman serişdesiniň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlap, ol serişdäniň görkezmesini hem aňsatlyk bilen okap biler. 

“Boý Bodron” dermanhanasynyň Ženewadaky Halkara fondy tarapyndan “Ýokary hilli işewürlik üçin” atly medal bilen sylaglanandygyny hem bellemek gerek. 
 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar