Hytaý robot-androidleri aýdymçy Wan Lihuanyň konsert çykyşy wagty sazlaşykly aşyrym atyp, tutuş dünýäni aňk etdiler. Onuň wideosyny Gonkongyň «South China Morning Post» neşiri çap etdi diýip, «rg.ru» ýazýar.
Gazetiň ýerleşdiren wideosynda sahna eşiklerini geýnen robotlaryň Wanyň tansçylary bolup çykyş edýändikleri görünýär. Olar takyklyk babatda sahnada bilen çykyş edýän tansçylardan birjigem kem galmaýarlar. Käbir ýerde bolsa, olaryň ählisi sazlaşykly aşyrym atýarlar.
«SCMP» neşiri wideonyň dessine sosial torlarda gyzyklanmak döredendigini ýazýar. Oňa robotlary öndürmek bilen meşgullanýan «Tesla» kompaniýasynyň eýesi, meşhur amerikan işewüri Ilon Mask hem üns beripdir.
Millarder bu barada özüniň sosial tordaky sahypasynda «haýran galdyryjy» diýen ýazgy galdyrypdyr. Gazet Maskyň şeýle bahasyndan soňra robotlaryň tansly wideosynyň has-da meşhur bolandygyny habar berdi.

