Daşoguz welaýatynda Adalat müdirligi üçin täze edara binasynyň gurluşygy dowam edýär. Gurulýan binanyň umumy meýdany bir gektardan gowrakdyr. Bu barada «Altyn asyr» elektron neşirinde habar berilýär.
Binany «Röwşen» hususy kärhanasynyň hünärmenleri gurýar. Adalat müdirliginiň täze edara binasynda iş we mejlis otaglary ýerleşer. Şeýle hem onda naharhana, awtoulaglar üçin üsti ýapyk hem açyk awtoduralga we tehniki hyzmata niýetlenen desgalar bolar. Binanyň gurluşygynda we bezeg işlerinde ýokary hilli döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylýar hem-de onuň daş töweregi abadanlaşdyrylyp, bag nahallary ekilýär.
Daşoguz welaýat Adalat müdirligi Daşoguz — Köneürgenç awtomobil ýolunyň ugrundaky dürli maksatly binalar toplumynyň üstüni ýetirer.

