Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ruhabat meýdançasynyň tutýan meýdany 26 müň 784 gektar bolup, onuň meýdanlary 4 bölege bölünýär: Keçun, Asylma, Pöwrüze we Babazaw.
Bu meýdanlarda «Bars deresi», «Dagyş deresi we Dogry dere», «Ogurly dere», «Garaňky» ýaly birnäçe dereler gabat gelýär.
Goraghananyň ösümlik dünýäsi boýunça geçirilen ylmy gözegçiliklerde derede ösümlikleriň 389 görnüşiniň ýaýrandygy boýunça maglumatlar berilýär. 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrlarynda geçirilen ylmy gözegçiliklerde derede azda-kände garyň bardygy bellenildi. Garyň üstünde ýabany pişikleriň yzlary mese-mälim görünýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen makalada bellenilýär.
Şeýle hem alajagaplaňyň yzlary deňiz derejesinden 1500 metre golaý belentliklerde hasaba alyndy. Derä tarap 500 metr geçilen ýol ugurda aýraklaryň sürüleri gabat gelnip başlandy, her sürüde 5-den 15 aralykda olaryň baş sany sanaldy, jemi geçilen 3,5 kilometr aralykda deräniň ugrunda aýraklaryň 78 sany dürli ýaşdakylary gabat geldi. Deräniň ugrunda iki ýerde umgalaryň sanawy hem alyndy, geçilen ýol ugurda: 1-nji gabat gelen sürüde 33 sanysy we 2-nji gabat gelen sürüde 8 sanysy bellendi.
Aýratyn hem derede käkilikler örän köp mukdarda we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen sakgally garaguş duş geldi. Öňki geçirilen gözegçiliklerde deräniň ugrunda Gyzyl kitaba girizilen gajar hem-de göwenegiň höwürtgeleýän ýerleriniň koordinatlary alyndy.
Ýakynda serhet çäkde Dogryderäniň ugrunda manul pişigine gabat gelnendigi barada habar berildi. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2024), Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň gyzyl sanawyna we Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasynyň (CITES) sanawyna girizilen manul pişiginiň geljekde ýaýrawuny, bioekologiki aýratynlyklaryny öwrenmäge uly mümkinçilikler döreýär.

