Ahal welaýat Alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň garamagyndaky ak bazarlaryň 13-sinde, dükanlaryň 102-siniň ýanyndaky göçme söwda nokatlarynda haryt bolçulygy üpjün edilendir. Olarda dürli görnüşli süýjülikleri öz içine alýan sowgatlardyr sowgatlyk toplumlary göze gelüwli gaplarda, şeýle-de ýörite sebetlerde alyjylara hödürlenýär.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Änew alyjylar jemgyýetiniň «Ak bugdaý» bazarynda gök-bakja önümleri, dürli ir-iýmişler, miweler terligine ilata ýetirilýär. Şol önümleriň esasy böleginiň welaýatyň daýhanlarydyr bagbanlarynyň, şeýle-de hususy pudagyň wekilleriniň yhlasy bilen ýetişdirilendigi aýratyn bellärliklidir.
Welaýatyň çäginde iş alyp barýan telekeçiler tarapyndan döwrebap ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän hyýardyr pomidoryň, bulgar burçunyň, ýertudananyň saýlama görnüşleri ekologiýa taýdan arassalygy bilen uly islege eýedir. Mundan başga-da, et, şöhlat, süýt, konditer, çörek önümleri, alkogolsyz içgiler we beýleki azyk harytlary köp görnüşliligi, ýokary hilliligi, ýokumlylygy bilen alyjylarda uly gyzyklanma döredýär.

