Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Çärä Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, institutynyň professor-mugallymlar düzümi we talyplary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gazalow, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy, Türkmen-azerbaýjan Parlamentara dostluk toparynyň türkmen böleginiň başlygy Annamuhammet Sarjaýew, TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alym kätibi, taryh ylymlarynyň kandidaty Kakajan Janbekow çykyş etdiler.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilinde neşir edilmegi däp bolan türkmen-azerbaýjan dostlukly gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda ösdürilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Taryhy maglumatlara esaslanyp ýazylan bu eserde türkmen halkynyň şöhratly geçmişiniň, onuň dünýä medeniýetine goşan uly goşandynyň, beýik şahsyýetleriň galdyryp giden ruhy mirasynyň giňden açylyp görkezilýändigi aýratyn bellenildi. Kitabyň gadymy oguz edebiýatyny öwrenmekde gymmatly ylmy çeşme bolup durýandygy hem nygtaldy.

