«TikTok» özüniň amerikan şahamçasyny maýa goýumçylar tarapyndan gözegçilik edilýän bilelikdäki kärhana geçirmek barada ylalaşyga gol çekdi. Bu barada kompaniýanyň içerki resminamasyna salgylanýan «Axios» habar berdi diýip, «vedomosti.ru» habar berdi.
Geleşik 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda ýapylmalydy. Onuň şertlerine görä, «Oracle», «Silver Lake» we Abu-Dabide ýerleşýän MGX kompaniýalary ABŞ-daky golçur serwisiň maýasynyň 45 göterimine eýelik ederler.
Bilelikdäki kärhana Waşingtonda maglumatlaryň goraglylygyna, algoritmleriň howpsuzlygyna, kontentiň moderasiýasyna we programma üpjünçiliginiň hiline jogap berer.
26-njy sentýabrda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp «TikTogy» amerikan maýadarlaryna satmak barada permana gol çekdi.

