Rim Papasy Lew XIV gijelerine onlaýn-goşundylaryň kömegi bilen nemes dilini öwrenýär. Onlaýn platformadan peýdalanyjylar pontifigiň internete «drprevost» nikneými arkaly girýändigini anykladylar, sebäbi ol Papalyga saýlanmanka sosial torlara şeýle at bilen girýän ekeni. Papanyň dogany Jon Prewost onuň, hakykatdanam, onlaýn-goşundylaryň kömegi bilen dil öwrenýändigini tassyklady.
Papa Lew XIV nemes dilinden ötri, italýan, ispan we fransuz dillerinde erkin gürleýär, portulag dilini hem az-owlak bilýär. Pontifiň dogany şeýle hem onuň her hepdede tennis oýnaýandygyny, wezipä saýlanmazdan öň Rimdäki sport zalyna gatnandygyny gürrüň berdi.
Lew XIV 21-nji aprelde Fransisk aradan çykandan soňra konklawda Papa wezipesine saýlandy.

