Dubaýda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazanan türkmen boksçysy Baýramdurdy Nurmuhammedow taryhy üstünliginde milli ýygyndynyň tälimçisi Ýazmuhammet Pazyýewiň işiniň aýratyn uly ähmiýete eýe bolandygyny aýtdy. Bu barada türgen «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda gürrüň berdi.
«71 kilograma çenli agram derejesinde dünýä çempionatyna ýüzden gowrak ýurtdan wekiller gatnaşdy, her bir tutluşyk bolsa berklige we ussatlyga çynlakaý synag boldy. Baýrakly orun ugrunda men geçirilen alty tutluşygyň dördüsinde ýeňiş gazandym. Bu üstünlikde Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, ýurdumyzyň boks ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýazmuhammet Pazyýewiň işi aýratyn ähmiýetli boldy» — diýip, Nurmuhammedow belledi.
Boksçynyň nygtamagyna görä, geçen ýyl onuň üçin möhüm wakalara baý we ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Boks boýunça dünýä çempionaty 2025-nji ýylyň 30-njy noýabry — 14-nji dekabry aralygynda Dubaýda (BAE) geçirildi. Bürünç medala mynasyp bolandygy üçin türgen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 40 müň manat pul baýragy bilen sylaglandy.
«Sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine men çagalykdan eýerip gelýärin. Boksa 12 ýaşymdan bäri gatnaşýaryn, bu döwürde ol durmuşymyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Biziň maşgalamyzda saglyga aýratyn üns berilýär: atam hem, babam hem öz ömürlerini lukmançylyk hünärine bagyşladylar» — diýip, Nurmuhammedow gürrüň berdi.
Dünýä çempionaty Boks boýunça halkara birleşiginiň (IBA) howandarlygynda geçirildi. Nurmuhammedow Türkmenistanyň taryhynda ilkinji gezek boks boýunça dünýä çempionatynyň medalyny gazandy. Ýarym finalda türkmen türgeni russiýaly Sergeý Koldenkowdan ýeňildi. Bürünç medal üçin ol IBA tarapyndan 75 müň dollar möçberinde baýrak hem aldy.

