Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl sammitine gatnaşmak maksady bilen, Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentini Aşgabadyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar ugratdylar. Birnäçe sagatdan soňra döwlet Baştutanynyň uçary Sankt-Peterburg şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Häzirki wagtda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolýan döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu strategiýada abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda GDA-nyň çäklerinde netijeli dialogyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

