Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, şeýle-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň gerimli halkara forum dünýä metbugatynyň ünsüni çekdi. Esasy habarlar agentlikleri, elektron media neşirleri we beýlekiler öz sahypalarynda forumy giňden şöhlelendirip, häzirki geosyýasy ýagdaýlarda onuň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Media neşirleri forumyň ýokary wekilçilikli derejesine ünsi çekdiler. Munuň özi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli ornunyň halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylýandygynyň güwäsidir.
Daşary ýurt metbugaty forumyň anyk netijelerine ünsi çekýär. Makalalarda oňa gatnaşyjylaryň energetika howpsuzlygy, durnukly ulagy pugtalandyrmak, sebit infrastrukturasyny ösdürmek, ekologiýa meselelerini çözmek boýunça anyk teklipdir başlangyçlary beýan edilýär. Synçylaryň sözlerine görä, Aşgabatda geçirilen halkara forum durnukly ösüşe gönükdirilen sebit we ählumumy strategiýalary utgaşdyrmak babatda netijeli platforma boldy. ,«Forumyň öňde goýlan maksatlara ýetjekdigine we halkara gatnaşyklaryň taryhynda örän möhüm waka öwrüljekdigine meniň hiç hili şübhäm ýok. Çünki gürrüň örän derwaýys meseleler — parahatçylyk, bitaraplyk we ynanyşmak barada barýar. Bular häzirki döwürde örän wajyp düşünjelerdir» diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň aýdan sözlerini gazak neşirleri mysal getirýär.
Hytaýyň «Sinhua» habarlar agentliginiň sahypalarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan forumyň ýokary derejesi bellenilýär. «EADaily» Ýewraziýa habarlar agentliginiň sahypalarynda forumyň giň gerimli maksatnamasyna üns çekilýär. ŞHG we integrasion prosesler hakyndaky köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolan «ИнфоШОС» diňe bir forumdaky çykyşlary däl, eýsem, çäräniň anyk netijelerini hem şöhlelendirýär. Neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň hyzmatdaşlygy, olaryň GDA-nyň çägindäki integrasion proseslerde eýeleýän orny, forumyň jemleýji resminamasy bolan Aşgabat Jarnamasy barada nygtalýar.
Hindistanyň «The Economic Times», Azerbaýjanyň «Trend.az» neşirleriniň sahypalarynda ählumumy dartgynlylygyň artýan häzirki şertlerinde Türkmenistanyň parahatçylygy we ynanyşmagy ilerletmek boýunça başlangyjynyň wajyp ähmiýeti bellenilýär. «The Economic Times» neşirinde Gazagystanyň Prezidentiniň Hazarüsti halkara ulag ugruny ösdürmek boýunça beýan eden pikirlerine üns berilýär.
Russiýanyň «RIA nowosti», Hytaýyň «Sinhua» agentlikleri, Gazagystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri foruma gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagtyna gelen wekiliýetleriň ýokary derejesine ünsi çekdiler.
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde jemleýji resminamanyň — Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti bellenilýär.
Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, hususan-da, «IRNA» habarlar agentliginiň sahypalarynda foruma ykdysady hyzmatdaşlyk üçin möhüm meýdança hökmünde baha berilýär. Makalalarda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň iri infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam berýändigi bellenilýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň agentlikleriniň habarlarynda sebit raýdaşlygyna we Türkmenistanyň Merkezi Aziýada durnuklylygy üpjün etmekde eýeleýän ornuna üns çekilýär.
Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli forumy giňişleýin şöhlelendirdiler. «TASS» döwlet habarlar agentliginiň habarynda nygtalyşy ýaly, Prezident Wladimir Putiniň foruma gatnaşmak maksady bilen Aşgabada amala aşyran sapary Russiýanyň daşary syýasatynda, hususan-da, GDA-nyň ugry boýunça gatnaşyklarda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny tassyklaýar.
«RIA nowosti» agentligi ikitaraplaýyn duşuşyklara ünsi çekdi. «Rossiýskaýa gazeta» metbugat neşiri öz habarlarynda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi.
«Rossiýa24» teleýaýlymynyň habarçylary reportažlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bu hukuk derejesini howpsuzlygy üpjün etmekde üstünlikli ulanmak tejribesini bellemek üçin sebäpdigini bellediler.
Şeýle-de ritmeurasia.ru portalynda: «Prezident Wladimir Putin Türkmenistanyň 30 ýyl mundan ozal hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini saýlamagyna ýokary baha berdi» diýlip bellenilýär.
Aziýa ýurtlarynyň mediasy metbugat sahypalarynda Türkmenistanyň sebitde durnuklylygy we ykdysady özara baglanyşygy üpjün etmekde eýeleýän ornuna aýratyn üns berdiler. Hytaýyň «China Daily» neşirinde Aşgabat forumynyň dünýä döwletleriniň parahatçylykly ýaşamak ýörelgelerine ygrarlydyklaryny tassyklamak üçin meýdança bolandygy nygtaldy. Hytaýyň metbugat serişdeleri Türkmenistany tutuş Ýewraziýa yklymynyň bähbidine hyzmat edýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde şöhlelendirdiler.
Türkiýäniň «Anadolu» habarlar agentligi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň türki döwletleriň arasynda gatnaşyklary ilerletmäge, sebitleýin ykdysady taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga ýardam berýän möhüm ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berendigini belledi.

