Russiýanyň Penza şäherinde «Ýylyň ýaş alymy — 2025» ady bilen geçirilen XXI halkara ylmy-gözleg bäsleşiginde Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebiniň okuwçysy Muhammetguly Handurdyýew 1-nji orna mynasyp boldy. Ol bu bäsleşige mugallymy Oguljeren Amanowanyň ýolbaşçylygynda gatnaşdy.
«Ýylyň ýaş alymy — 2025» Penza şäherindäki «Наука и Просвещение» ylmy-metodiki merkezi tarapyndan yzygiderli geçirilýär. Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň ylmy işlerini höweslendirmek hem-de olaryň ylmy makalalaryny çap etmekden ybaratdyr.
Ýeňijiler I, II we III derejeli diplomlar bilen sylaglanylýar we olaryň işleri ýörite ylmy makalalar ýygyndysynda neşir edilýär.

