Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýada nusgawy Gündogar şahyry we filosofy Omar Haýýama ýadygärlik dikmek ýa-da onuň adyny görkezýän merkez açmak barada pikire oňat diýip baha berdi. Bu barada döwlet Baştutany göni ugruň barşynda aýtdy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Şeýle başlangyç bilen Putine Persiýany wasp eden rus şahyrlary barada kitap sowgat eden täjik žurnalisti çykyş etdi.
«Biz bu barada pikir ederis. Hökman karara geleris» diýip, rus lideri aýtdy.
19-njy dekabrda göni ýaýlymda Russiýanyň Prezidenti tamamlanyp barýan 2025-nji ýylyň jemlerini jemledi we žurnalistleriň hem-de raýatlaryň sowallaryna jogap berdi.

