Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygy boldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýapon kompaniýalaryna galyndylary saýpallamagyň, gaýtadan işlemegiň we ikinji gezek peýdalanmagyň hasabyna olaryň ýörite bellenilen meýdançalara iberilýän möçberini mümkin boldugyça azaltmak maksady bilen, durmuş we gurluşyk galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça döwrebap zawodyň gurluşygynyň taslamasyny işläp düzmegi teklip etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şeýle-de hapa suwlary senagatda we jemagat hojalygynda gaýtadan peýdalanmaga mümkinçilik berjek derejä çenli arassalamagyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamany amala aşyrmak maksadalaýyk hasaplanýar.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşky gurşawda plastik galyndylaryň möçberini azaltmak hem-de polietileni ikinji gezek ulanmaga ibermek üçin plastik çüýşeleri gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodlaryň taslamasyny öwrenmäge taýýardygyny tassyklady.
Şular bilen birlikde, metal, plastik we elektron elementleri özünde jemleýän howply we uzak wagtlap dargamaýan galyndylaryň möçberini azaltmak maksady bilen, durmuş tehnikasyny gaýtadan işlemek boýunça kiçi zawodyň taslamasyny durmuşa geçirmek mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

