Britaniýaly Karl Buşbi özüniň 27 ýyl bäri dowam edýän dünýäniň daşyna aýlanyp çykmak syýahatyny bes etmek hakynda karara geldi we öýüne dolanmakçy. 56 ýaşly syýahatçy soňky deminde, ol sosial torlaryň basyşyndan hem-de güýçli özgeren dünýäden ejir çekýär diýip, «Blick» žurnaly ýazýar.
1998-nji ýylda 29 ýaşly öňki britan harby esgeri pyýada syýahata ugrady, ol hiç hili ulagdan peýdalanmady. Häzir, 27 ýyldan soňra oňa syýahatyny tamamlamak üçin 1600 kilometr menzil galdy. Bu adamzadyň tutuş taryhynda iň uzak syýahatlaryň biridir.
Geljek ýyl Buşbi öýüne dolanyp, maşgalasyny görmek isleýär.
Ol 28 ýurdy, uruş hereketleriniň zolaklaryny, jeňňelleri we doňan deňizleri kesip geçmek bilen, görlüp-eşidilmedik çydamlylyk görkezdi. 27 ýyllyk syýahat wagty Buşbi Patagoniýada, Andlarda, Merkezi Amerikada, Meksikada, ABŞ-da, Russiýada, Mongoliýada we Aziýanyň birnäçe ýerlerinde boldy.
Öňki harby gullukçynyň ýanynda diňe goşhaltasy hem-de çadyry bar. Buşbi özüniň çydamlylygyna we duş gelýän adamlaryň ýardamyna bil baglaýar. Onuň baş maksady dürli ýurtlaryň ilaty bilen aragatnaşykda bolmakdy.
Ilkibaşda Buşbi özüniň Angliýadaky Hall dogduk şäherine ýetýänçä on iki ýyl gerek bolar öýdýärdi. Ol syýahaty 2026-njy ýylyň sentýabrynda tamamlamakçy diýip, «rg.ru» ýazýar.

