Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tana we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwlet Baştutany hatynda Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň arasynda ýola goýlan köptaraply gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini nygtap, hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tana berk jan saglyk, abadançylyk, asylly işinde üstünlikleri Kataryň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

