Germaniýanyň Mýunhen tehniki uniwersitetiniň alymlary tutuş Ýer şary boýunça 2,75 milliard bina barada maglumatlar saklanýan 3D-kartany döretdiler. Onda binalaryň ýerleşýän ýeri we göwrümi görkezilýär. Bu şeýle görnüşdäki öňki kartadan milliard köp binany özünde jemleýär diýip, «MIR 24» habar berdi.
Täze karta «GlobalBuildingAtlas» diýip at berdiler. Ony döretmek üçin 2019-njy ýylda alnan 800 000 hemra suratyny peýdalandylar. Şeýle hem emeli aň algoritminden peýdalanyldy. Ol binalaryň goňşy binalaryň ölçegleri bilen baglylykda, ýetmeýän düzüm böleklerini dikeltmäge mümkinçilik berdi.
Seljermeler dünýäde iň köp binaly sebitiň Aziýadygyny görkezdi. Ol ýerde 1,22 mlrd bina bolup, dünýädäki umumy binalaryň 50 göterimidir. Ondan soňra 540 milliona golaý bina bilen Afrika, üçünji orunda 403 mln bina bilen Ýewropa ýerleşdi.
Kartanyň çözgüdi adaty kartalardan 30 göterim köpdür. Ony şeýle hem ösüşi öwrenmek, tebigy heläkçiliklere taýynlyk görmek we şäherleriň täze gurluşyklaryny meýilnamalaşdyrmak üçin ulanyp bolar diýip, «The Daily Mail» ýazýar.

