Türkmenistanyň wekilleri Taýlandda geçirilen birnäçe halkara çärelere — mugallymlaryň IV konferensiýasyna, mekdep okuwçylarynyň III festiwalyna we II klimat mekdebine gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetiň düzüminden Bilim ministrliginiň işgärleri, mugallymlar, şeýle-de Aşgabat we Türkmenabat şäherleriniň mekdeplerinden ýokary synp okuwçylary orun aldy diýip, HHM ýazýar.
Bu çärelerde Merkezi Aziýanyň, GDA-nyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryndan gelen okuwçylar hem gatnaşdylar.
Mekdep okuwçylarynyň festiwalynyň dowamynda gatnaşyjylar EGAT howanyň üýtgemegi boýunça okuw merkezine baryp, gaýtadan dikeldilýän energetika hem-de uglerod bitaraplygy ugurlaryndaky taslamalar bilen tanyşdylar. Şeýle hem olar ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren Kao Ýaý milli seýilgähine gezelenç etdiler.
Taýlanda guralan bu sapar döwletara «Howa maglumaty gutusy» maksatnamasynyň çäginde amala aşyryldy. Bu maksatnama howanyň üýtgemegi bilen bagly temalaryň mekdep bilim ulgamyna utgaşdyrylmagyna gönükdirilendir.
Maksatnama okuw kitaplarynyň täze görnüşe getirilmegini, mugallymlaryň taýýarlygyny hem-de okuwçylaryň daşky gurşawy goramak boýunça amaly taslamalara gatnaşmagyny öz içine alýar.
2024-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynda 435 mugallym taýýarlyk geçdi, olaryň 140-sy Türkmenistandandyr.
Bu çäreler arassa energiýa, suw serişdeleri we durnukly ösüş ugurlary boýunça iň gowy mekdep taslamalaryny halkara meýdançalarda hödürlenmek mümkinçiliklerini döretdi diýlip, habarda bellenilýär.

