Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Parlamente saýlawlara gatnaşygy ýokarlandyrmak maksady bilen, raýatlaryň hökmany gatnaşmagy barada düzgüne garamagy teklip etdi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi.
«Biziň aç-açan we aýdyň saýlawlary, elektron ses berlişigi, uzak aralykdan gatnaşmagy üpjün edendigimize garamazdan, saýlawlara gelen raýatlaryň sany az boldy. Öňdäki saýlawlar bilen deňeşdirilende, bu saýlawlara 200 müň adam az geldi. Biz şeýle şertleri döredenimizde saýlawçylaryň işjeňligi artyp, 70 göterime ýeter diýip garaşypdyk. Emma gynansagam, beýle bolmady. Şunuň bilen bagly sowal döreýär: saýlawlara hökmany gatnaşyk çäresini girizmelimi ýa-da başga gurallary gözlemelimi? Mümkin, bize raýatlaryň saýlawlarda işjeňligini gazanmak üçin degişli kanun taslamany işläp düzmek gerekdir» diýip, Žaparow aýtdy.
Gyrgyz Lideriniň sözlerine görä, Singapur ýaly ýurtlarda saýlawlara gatnaşyk raýatlyk borjyhökmünde berkidilendir.

