Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan ýurduň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruna berk ygrarlydygynyň nobatdaky beýanyna öwrülen giň möçberli halkara çäreleriň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli türkmen halkyny gutlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurtda uly üstünlikleriň gazanylandygyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG tarapyndan üçünji gezek ykrar edilendigini, munuň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylyň ähmiýetini has-da artdyrandygyny belledi.
Mundan başga-da, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmagy, şeýle hem «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň neşir edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynyň dowamynda ýetip gelýän bedew ýylynyň düşümli bolmagyny, geljek ýylyň Türkmenistana rysgal-bereket getirmegini, uly üstünlikleriň dowamat dowam bolmagyny arzuw etdi.

