Kinorežissýor Jeýms Kemeron dollar milliarderleriniň sanawyna girdi, onuň emlägi 1,1 milliard amerikan dollary bahalanýar diýip, «Forbes» žurnalyna salgylanýan «MIR 24» habar berýär.
Žurnalyň maglumatlaryna laýyklykda, 71 ýaşly amerikan režissýorynyň emläginiň köpelmegine onuň täze «Awatar: Alaw we kül» filminiň 2 milliard dollardan agan kassa ýygymlary sebäp boldy.
«Forbes» Kemeronyň milliarder-režissýorlaryň sanawynda bäşinji orny eýeleýändigini ýazýar, öň bu sanawa Jorj Lukas, Stiwen Spilberg, Piter Jekson we Taýler Perri girdi.
Kemeron «Terminator» (1984) filmi bilen meşhurlyk gazandy. Ol şeýle hem «Kesekiler» (1986), «Terminator 2: Hasaplaşyk güni» (1991), «Çynaberimsiz ýalan» (1994), «Titanik» (1997), «Awatar» (2009) we «Awatar: Suwuň ýoly» (2022) filmlerini surata düşürdi. «Titanik» we «Awatar» filmleri üçin «Oskar» we iki gezek «Altyn globus» baýraklaryna mynasyp boldy.

