Şu ýylyň iň gysga güni bolan 21-nji dekabr Russiýanyň paýtagtynda bary-ýogy 6 sagat 59 minut dowam eder. Bu barada paýtagtyň Planetarisiniň metbugat gullugy habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
21-nji dekabrda Gün gözýetimde iň pes beýiklikde bolar, ondan soňra ýagty günüň dowamlylygy kem-kemden uzap başlar. Aýyň ahyrynda ol 7sagat 05 minuda çenli uzar diýip, planetaride gürrüň berdiler.

