Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň mejlisi geçirildi. Onda şu ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlise türkmen we awstriýa tarapyndan toparyň agzalary gatnaşdylar. Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger duşuşygy açyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen ýakynda geçiren duşuşygynyň ähmiýetini belledi, şeýle hem medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän möhüm bilelikdäki taslamalara, maglumat alyşmalaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda soňky ýyllarda netijeli hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylýandygyna üns çekdi.
Mejlisde çykyş edenler özara ynanyşmak we birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.
Netijeli we işjeň häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

