Dekabr aýynyň başynda Türkmenistanyň Yslamabat şäherindäki ilçihanasy Pakistanyň öňdebaryjy medeni, bilim we ylmy edaralaryna birnäçe saparlary we duşuşyklary gurady. Bu barada ilçihananyň saýtynda habar berilýär.
Duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy Pakistanyň Milli kitaphanasyna, Milli kitap gaznasyna, Milli halk we däp-dessur mirasy institutyna («Lok Virsa»), «COMSATS» uniwersitetine we beýleki edaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýazylan kitaplary sowgat berdi.
Mundan başga-da, ilçihana tarapyndan neşir edilen «Diplomatic Insight» we «Diplomatic Focus» žurnallarynyň ýörite sanlary hem sowgat berildi.
Olarda Türkmenistanyň daşary syýasatyna, durmuş-ykdysady üstünliklerine we medeni çärelerine, iri energiýa we infrastruktura taslamalaryna, şeýle hem ýurduň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna aýratyn orun berlipdir.
Pakistanyň edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bu medeni we ynsanperwer çäräniň iki ýurduň arasyndaky umumy taryhy we medeni gatnaşyklara, parahatçylyk, ösüş we özara düşünişmek üçin umumy ygrarlylyga esaslanýan ýokary derejeli doganlyk gatnaşyklaryny görkezýändigini belläp, Türkmenistanyň ilçihanasyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler.

