16-njy dekabrda Täjigistan Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Täjigistan Respublikasynyň Oliý Mejlisinde ýüzlenmesini köpçülikleýin görkezilişi geçirildi. Çärä diplomatik wekilhananyň işgärleri we Türkmenistanda ýaşaýan Täjigistanyň raýatlary gatnaşdylar. Bu barada Täjigistanyň Milli habarlar agentligi «Khowar» Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berdi.
Ýüzlenme ýurduň içerki we daşarky syýasatynyň esasy ugurlaryna bagyşlandy.
Görkezilişiň ahyrynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda Prezidentiň ýyllyk Ýüzlenmesiniň möhüm strategik resminamadygyny, onda geçen ýyldaky döwlet ösüşiniň jeminiň jemlenilýändigini we öňdäki döwür üçin ileri tutulýan ugurlaryň kesgitlenilýändigini belläp geçdi.
Bellenilişi ýaly, Ýüzlenmede beýan edilen wezipeleriň esasynda Täjigistanyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamalary we çäreler meýilnamalary işlenip düzüler.

