Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýa barlaglar institutynyň direktory Kim Jin-Pýonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginde habar berlişi ýaly, wekiliýetiň düzüminde Koreýa Respublikasynyň DYPNF kompaniýasynyň, Koreýa telekeçileriniň bütindünýä birleşiginiň, şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Demirgazyk we Merkezi Aziýa boýunça býurosynyň ýolbaşçylary bar.
Duşuşyk Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bagyşlandy. Hususan-da, emeli intellekt, kibersport, şeýle hem robototehnika we elektronika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýändigi nygtaldy.

