Konserwatiw syýasatçy Hose Antonio Kast Çiliniň Prezidentiniň saýlawlarynda ikinji tapgyrda ýeňiş gazandy. Kast üçin saýlawçylaryň 58,61 göterimi ses berdi. Onuň garşydaşy Žanett Haru üçin saýlawçylaryň 41,39 göterimi ses berdi. Ol Kasty ýeňşi bilen gutlady diýip, TASS ýazýar.
Kast döwletiň ykdysadyýete goşulyşmagyny azaltmak, jenaýatçylyga we bikanun migrasiýa garşy göreşi berkitmek ugrunda çykyş edýär.
Kast general Augusto Pinoçetiň harby düzgüninden bäri Prezidentiň wezipesindäki ilkinji konserwatiw syýasatçy bolar.
Çiliniň täze saýlanan Prezidenti 2026-njy ýylyň 11-nji martynda dört ýyl möhlet bilen wezipesine saýlanar.

