Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Lusiano Nkogo Ndong Aýekabandan Ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Mejlis habar berýär.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de oňa özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alyp barjak jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Myhman ýurduň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha bermek bilen, öz ýurdunyň adyndan Türkmenistanyň halkara giňişlikde öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlaryny geljekde-de goldajakdygyny belledi hem-de şu ýyl dünýä bileleşigi bilen bilelikde giňden dabaralandyrylan, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.
Duşuşygyň ahyrynda Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Lusiano Nkogo Ndong Aýekaban sebitde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna goldaw berýän Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň uly hormatdygyny belledi.

