Ýaponiýada 2025-nji ýylyň nyşany — iýeroglifi üçin umumy milli ses berlişik geçirildi. Netijede, terjime edilende, aýy diýmegi aňladýan «kuma» iýeroglifi saýlandy, onuň üçin 23346 adam, ýagny ses berenleriň 12,3 göterimi ses berdi diýip, «rg.ru» habar berdi.
Ýeňiji bolan iýeroglif 22-nji dekabra çenli Kiýemidzu buthanasynda asylyp goýlar, soňra Kiotodaky Iýeroglifler muzeýine geçiriler.
Tamamlanyp barýan ýylyň nyşany hökmünde aýy iýeroglifiniň saýlanyp alynmagynyň ilkinji sebäbi 2025-nji ýylda ýurtda aýylaryň rekord derejede şikese hem-de ölüme getiren hüjümleri, ikinjisi jemgyýetçiligiň uly pandalara ünsüniň ýokarlanmagydyr.
Ýaponiýada iýeroglifiň ýylyň nyşany hökmünde saýlanyp alynmagynyň 30 ýyl taryhy bar. Bu dabara her ýyl Kiotodaky Kiýemidzu buthanasynda geçirilýär.

