Lebap welaýatyndaky Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet-sazly drama teatrynda 6 —12-nji dekabrda ýurduň teatrlarynyň arasynda yglan edilen «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» atly dünýäniň nusgawy ýazyjylarynyň, dramaturglarynyň meşhur eserleri esasynda sahnalaşdyrylan spektakllar hepdeligi boldy. Hepdeligiň dowamynda teatryň döredijilik topary tomaşaçylara doganlyk halklaryň ýazyjylarynyň meşhur sahna oýunlarynyň birnäçesini hödürledi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berdi.
Hepdeligiň dowamynda teatryň sahnasynda azerbaýjan dramaturgy Nazim Musazadanyň maşgala durmuşyndan söz açýan «Gaýyn ene», özbek dramaturgy Şaraf Başbekowyň «Demir aýal», rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Çehowyň «Söz aýdyş» hem-de özbek ýazyjysy Nurullo Abboshanyň «Körpe gelin», meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan «Ak gämi» powesti esasynda sahnalaşdyrylan spektakllara tomaşaçylar uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler.
Teatr hepdeligini tatar dramaturgy Tufan Minnuliniň «Bir gyza dört aşyk» spektakly bilen jemlendi. Şeýle hem 12-nji dekabrda teatrda welaýatyň belli aýdymçylarynyň, tans toparlarynyň ýerine ýetiren türkmen we doganlyk halklaryň aýdym-sazlaryndan, tanslaryndan ybarat bolan konsert geçirildi diýlip, habarda bellenilýär.

