Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, Halk Wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik komitetiniň Başlygynyň orunbasary Peň Çiňhuanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 31-nji awgusty — 3-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary netijelere çykmagynda uly ähmiýete eýe bolandygy nygtaldy.
Söhbetdeşlikde parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda mümkinçilikleri artdyrýandygy aýratyn bellenildi. Şunuň bilen birlikde, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, özara ynanyşmagy berkitmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti barada pikir alşyldy.
Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň köptaraplaýyn dialogyň çäklerinde Bitaraplyk ýörelgelerini öňe ilerletmekde, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmekde durnukly syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamaga ýardam berýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
