Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilen parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň adyndan gutlag haty gelip gowuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň gutlag hatynda Hytaýyň hem-de Türkmenistanyň özara bähbitli hyzmatdaşlyk hem-de garaýyşlarynyň gabat gelmegi bilen baglanyşýan ýakyn dost we hyzmatdaşdygy nygtalýar. Adamzat taryhy halkara ýagdaýyň çylşyrymlaşdygyça raýdaşlygyň we özara goldaw bermegiň şonça-da wajypdygyny görkezýär. Parahatçylygyň ýetmezçiligini özara hormat goýmak, ynanyşmak we düşünişmek bilen dolmaly. Özygtyýarly deňhukuklyk halkara parahatçylygyň özenidir. Ähli ýurtlar birek-birege hormat goýmalydyrlar hem-de özboluşly aýratynlyklaryny saklamak bilen sazlaşykly ýaşamalydyrlar diýlip Türkmenistanyň parahatçylyk taglymatynyň ähmiýetine ýokary baha berilýär.
«Ýakynda men Ählumumy dolandyryş başlangyjy bilen çykyş etdim. Dünýä dolandyryş ulgamyny özgertmek we kämilleşdirmek üçin hytaý nusgasy bilen tanyşdyrdym. Hytaý adamzadyň Bitewi ykbal bileleşigini döretmegiň bähbidine bilelikdäki ösüşi gazanmak üçin ähli ýurtlar bilen parahatçylygy üpjün etmek işinde birleşmäge gyzyklanma bildirýär» diýip, Si Szinpin gutlag hatynda nygtaýar.
