Şu gün Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda guralan halkara çärelere gatnaşmak üçin gelen daşary ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar Türkmenistanyň abadançylygyny, halyň bagtyýar durmuşyny giňden wasp etdi. Baýramçylyk mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň folklor toparlarynyň, teatr artisleriniň taýýarlan baýramçylyk konserti oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Baýramçylyk konsertinde türkmen halkynyň Milli Lideriniň sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen «Aşgabat» atly aýdymyň ýaňlanmagy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk senesi mynasybetli taýýarlanan konsertiň ähmiýetini we derejesini göterdi. Gahryman Arkadagyň sözlerine we sazyna döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» joşgunly aýdym bolsa konsertiň jemlemesine öwrüldi.
