Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hany, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýewi, Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al-Maligi kabul etdi. Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy hem-de Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläkde ösdürmegiň täzeçil ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, halkara giňişliginde köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, abraýly halkara guramalar bilen ykdysady, ylym-bilim, medeniýet we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Ikitaraplaýyn geçirilen gepleşiklerde myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmagyň özleri üçin hormatdygyny bellediler hem-de bu şanly şene mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderini tüýs ýürekden gutladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşyklaryň ahyrynda halkara wekilçilikli forumyna we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga gelen halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, olara alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
