Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan ýokary wekilçilikli forumyň meýdançasynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Bu barada «kremlin.ru» habar berýär.
Liderleriň duşuşygy wekilçilikli toparlaryň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki gepleşikler bilen başlandy. Onuň barşynda Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ulgamlarda oňat ösýändigi nygtaldy. Rus-türk hyzmatdaşlygynda häzirki gün tertbinde köpsanly bilelikdäki taslamalar, ilkinji nobatda, «Akkuýu» atom elektrik bekedi bar.
Aýratyn hem sebit we halkara gün tertibindäki meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Rus-türk gepleşikleri ikiçäk düzümde dowam etdi.

Soňra Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Aşgabatda geçirilen halkara forumyň meýdançasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian we Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid bilen duşuşygy boldy.

Duşuşyklaryň dowamynda rus-eýran, rus-yrak dostluk gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
