Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Bitaraplygyň amaly häsiýetini ösdürmek we ylmy-barlag hem-de bilim işlerini amala aşyrmak üçin Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda aýtdy.
«Parahatçylygy döretmek ugrundaky Milletler Bileleşiginiň baý tejribesine esaslanýan hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň syýasy-diplomatik serişdeleriniňdir usullarynyň giň mümkinçiliklerini ulanmak, şeýle hem Bitaraplygyň amaly häsiýetini ösdürmek we munuň bilen baglylykda ylmy-barlag hem-de bilim işlerini amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistan BMG bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we Bitaraplyk uniwersitetini döretmegi teklip edýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Döwlet Baştutany bu başlangyja goldaw bildiriljekdigine umyt edýändigini aýtdy we hyzmatdaşlar bilen ony anyk ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi.
Serdar Berdimuhamedow Bitaraplyk syýasaty esasynda konstruktiw, özara bähbitli, dostlukly halkara gatnaşyklary ösdürýän we goldaýan Türkmenistanyň mysalynyň Bitaraplygyň hem-de onuň dünýäniň dürli künjeklerinde ulanylmagynyň uly mümkinçiliklerini görkezýändigini aýtdy.
