Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy howpsuzlyga abanýan howplara garşy durmak üçin ähli jogapkärli we parahatçylyk söýüji güýçleriň jebisleşmegine çagyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu barada Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynda aýtdy.
Halk Maslahatynyň Başlygy: «Dürli ýagdaýlar sebäpli dünýä çylşyrymly döwri başdan geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, ähli jogapkärli, sagdyn, parahatçylyk söýüji güýçleriň jebisleşmegi, olaryň agzybirligi we ählumumy howpsuzlyk binasynyň gowşamagyna abanýan ýaramaz hadysalara, howplara garşy durmak üçin tutanýerliligi öňküsinden hem zerur bolup durýar» diýip aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri parahatçylyk we ynanyşmak başlangyjynyň häzirki dünýä meselelerine ýaşaýyş ukyby bolan we realistik çemeleşmek üçin ýeke-täk ýol bolup durýan dialog hökmünde ähmiýetini nygtady.
Milli Lider: «Dünýä bileleşiginiň, ähli döwletleriň syýasy gurluşyna, ölçegine, ilat sanyna we beýleki ýagdaýlara garamazdan, mümkinçilikleriniň oňyn jebisleşmegi, syýasy ýetişigi, erk-islegi we ýörelgeliligi talap edilýär. Biz hemmämiz şu gün planetamyzyň geljegi üçin jogapkärçilik çekýäris» diýip belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow halkara bileleşigiň tagallalaryny birleşdirmekde BMG-niň ornuny aýratyn nygtady. Gahryman Arkadag: «Ähliumumy kanunylyga we mandata eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň mümkinçiliklerini ulanmaly» diýip beýan etdi.
