Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana sapar bilen geldi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Habarda bellenilişi ýaly, Gyrgyzystanyň Prezidenti Aşgabatda iri halkara foruma, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän beýleki dabaraly çärelere gatnaşar.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Aşgabada sapary däp bolan dostluk, özara düşünişmek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gyrgyz-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklaýar.
