Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Aşgabatda bolýan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy. Bu barada Ermenistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Ermenistanyň Prezident Waagn Haçaturýan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllygy bilen Prezident Serdar Berdimuhamedowy gutlap, Türkmenistana mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çakylygy kabul edip, bu möhüm ähmiýetli çärä gatnaşýandygy üçin Ermenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, ýokary derejedäki özara saparlaryň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm itergi berýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy syýasy, ykdysady, bilim, medeni we beýleki ugurlar boýunça ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de taryhy we medeni mirasy gorap saklamak boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň ähmiýeti bellenildi.
Söhbetdeşlikde energetika we telekommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, şeýle hem infrastruktura mümkinçiliklerini ösdürmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga, şeýle hem halkara platformalarda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
