Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow şu gün Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşmak maksady bilen, Aşgabat şäherine geldi. Bu barada «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Aşgabat Halkara howa menzilinde Azerbaýjanyň Hökümetiniň Baştutany Türkmenistanyň resmi wekilleri tarapyndan mähirli garşylandy.
Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň gatnaşmagy Aşgabat forumynyň dünýäde parahatçylygy, abadançylygy, durnukly ösüşi ilerletmekde ählumumy platforma hökmünde möhüm ähmiýete eýe bolýandygyny görkezýär diýlip, habarda bellenilýär.
Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligiň geçirilendigini habar beripdik.
